Esasy mazmuna geçmek
Ethereum ekoulgamyny görkezýän futuristik şäheriň şekli.

Ethereum-a hoş geldiňiz

Ethereum kriptowalýuta efirini (ETH) we müňlerçe merkezleşdirilmedik programmalary alyp barýan, jemgyýetçilik tarapyndan dolandyrylýan tehnologiýa bolup durýar.

Ethereumy öwreniň

Başlamak üçin

ethereum.org, Ethereum dünýäsine girýän portalyňyzdyr. Tehnologiýa täze we üznüksiz ösýär - gollanmanyň bolmagynyň kömegi deger. Içine girmek isleseňiz, şulary size maslahat berýäris.
Kompýuterde işleýän adamyň suraty.

Ethereum näme??

Ethereum sanly pullaryň, global tölegleriň we programmalaryň mekany bolup durýan tehnologiýadyr. Jemgyýet gülläp ösýän sanly ykdysadyýeti, işläp düzüjiler üçin onlaýn pul gazanmagyň batyrgaý täze ýollaryny we ş.m. döretdi. Dünýäniň niresinde bolsaňyzam, ol hemmelere açyk - size diňe internet gerek.
Ethereum näme?Sanly pul hakda giňişleýin
Ethereum keşbi hökmünde niýetlenilen, bazara jyklaýan adamyň şekli.

Has adyl maliýe ulgamy

Häzirki wagtda milliardlarça adam bank hasaplaryny açyp bilmeýär, beýlekileriň tölegleri bökdelýär. Ethereum-yň merkezleşdirilmedik maliýe (DeFi) ulgamy hiç wagt dynç almaýar ýa-da adam saýlamaýar. Diňe internet birikmesi bilen, dünýäniň islendik ýerinde pul iberip, alyp, karz alyp, göterim gazanyp we hatda pul serişdeleriniň akymyny bilersiňiz.
ETH nyşanyny hödürleýän elleriň şekli.

Aktiwleriň interneti

Ethereum diňe bir sanly pul üçin niýetlenilmeýär. Siziň eýeçiligiňizdäki islendik zady özara çalşylmaýan tokenler (NFTs) hökmünde görkezip, söwdasyny edip we ulanyp bolar. Sungatyňyza tokene öwrüp we ol her gezek gaýtadan satylanda awtomatiki usulda galam haky alyp bilersiňiz. Ýa-da karz almak maksady bilen öz eýeçiligiňizdäki bir zat üçin token ulanyň. Mümkinçilikler dyngysyz artýar.
Gologrammanyň üsti bilen görkezilýän Eth logotipi.

Açyk internet

Häzirki wagtda şahsy maglumatlarymyza gözegçiligi başgalaryň eline bermek arkaly mugt internet hyzmatlaryna girýäris. Ethereum hyzmatlary deslapdan açyk - size diňe gapjyk gerek. Bu hyzmatlar tölegsiz we gurnamasy aňsat, öz gözegçiligiňizde bolup, şahsy maglumatlaryňyzy girizmezden işleýär.
Ethereum kristallary bilen işleýän futuristik kompýuteriň şekli.
Kod mysallary
Öz bankyňyz
Öz programmirlän logikaňyz bilen işleýän bank gurup bilersiňiz.
Öz pul birligiňiz
Programmalaryň arasynda geçirip we ulanyp boljak tokenleri döredip bilersiňiz.
JavaScript Ethereum gapjygy
Ethereum we beýleki programmalar bilen işleşmek üçin bar bolan dilleri ulanyp bilersiňiz.
Açyk, rugsatsyz DNS
Bar bolan hyzmatlary merkezleşdirilmedik, açyk programmalar hökmünde täzeden göz öňüne getirip bilersiňiz.

Ösüşiň täze sepgidi

Ethereum we onuň programmalary aç-açan hem-de açyk çeşmeli bolup durýar. Kodlary çözüp, beýlekileriň eýýäm guran funksiýalaryny gaýtadan ulanyp bilersiňiz. Täze dil öwrenmek islemeýän bolsaňyz, JavaScript we beýleki bar bolan dilleri ulanmak arkaly açyk çeşmeli kod bilen işleşip bilersiňiz.

Şu gün Ethereum

Iň soňky tor statistikasy

Total ETH staked

Häzirki wagtda tora ýatyrylan we onuň ygtybarlylygyny üpjün edýän jemi ETH mukdary.

31,83 mln

Şu günki geleşikler

Soňky 24 sagadyň dowamynda torda üstünlikli amal edilen geleşikleriň sany.

1,187 mln

DeFi içinde berkidilen hümmet (USD)

Merkezleşdirilmedik maliýe (DeFi) programmalarynda puluň mukdary, Ethereum sanly ykdysadyýeti.

120,7 mlrd US$

Nodes

Ethereum düwünler diýlip atlandyrylýan ýer ýüzündäki müňlerçe meýletinçi tarapyndan dolandyrylýar.

8 531

Ethereum.org jemgyýetine goşulyň

Discord serwerimizdäki(opens in a new tab) takmynan 40 000 agza goşulyň.

Ethereum.org ösüşi we möhüm ekoulgam täzelikleri barada gyzykly täzelenmeler üçin aýlyk jemgyýetçilik çagyryşlarymyza goşulyň. Sorag bermek, pikir alyşmak we seslenmek mümkinçiligini ediniň - gülläp ösýän Ethereum jemgyýetiniň bir bölegi bolmak üçin ajaýyp pursat.

⚙️ ethereum.org Office Hours [S3E4]

2 maý 2024 sagat 15:00

(UTC)

Join Discord(opens in a new tab)Senenama goşmak(opens in a new tab)

Geljekdäki jaňlar


29 maý 2024

Öňki jaňlar


Ethereum.org göz aýlaň