Esasy mazmuna geçmek

Ethereum näme?

Sanly geljegimiziň binýady

Ethereum-yň işleýşi, getirýän peýdalary we dünýädäki millionlarça adam tarapyndan nähili ulanylýandygy barada öwrenjeler üçin doly gollanma.

Ethereum keşbi hökmünde niýetlenilen, bazara jyklaýan adamyň şekli

Summary

Ethereum, bütin dünýäde Ethereum protokoly diýilýän düzgünler toplumyna eýerýän kompýuter torudyr. Ethereum tory, her kimiň gurup we ulanyp bilýän jemgyýetleri, amaly programmalary, guramalary we sanly baýlyklary üçin esas bolup hyzmat edýär.

Islendik ýerden, islän wagtyňyz Ethereum hasabyny döredip, programmalar dünýäsini öwrenip ýa-da öz programmalaryňyzy gurup bilersiňiz. Düýp innowasiýa bularyň hemmesini düzgünleri üýtgedip biljek ýa-da girişiňizi çäklendirip biljek merkezi häkimiýete bil baglamazdan edip bilmegiňiz bolup durýar.

Has giňişleýin öwrenmek üçin okamaga dowam ediň…



Ethereum näme edip bilýär?

Hemmeler üçin bank hyzmatlary

Hemeleriň maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmagy mümkin däl. Emma Ethereum-a girmek hem-de onuň üstünde gurlan karz bermek, karz almak we süýşürintgiler boýunça önümlere girmek üçin size gerek zat diňe internet birikmesidir.

Açyk internet

Islendik adam Ethereum tory bilen işleşip ýa-da onuň üstünde programmalary gurup biler. Bu bolsa birnäçe ägirt korporasiýa tarapyndan dolandyrylmagyň ýerine, öz aktiwleriňizi we şahsyýetiňizi özüňiz dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Deň-deňdeş tor

Ethereum, beýleki adamlar bilen gönüden-göni utgaşmaga, şertnama baglaşmaga ýa-da sanly aktiwleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Araçylara bil baglamak hökman däl.

Senzura çydamly

Ethereum hiç bir hökümet ýa-da kompaniýa tarapyndan dolandyrylmaýar. Merkezden daşlaşdyrmak Ethereum hyzmatlaryny ulanmak arkaly töleg almagyňyza ýa-da ibermegiňize hiç kimiň päsgel bermegine mümkinçilik bermeýär diýseňem boljak.

Täjirçilik kepillikleri

Müşderiler diňe ylalaşylan zat üpjün edilen ýagdaýynda serişdeleriň eýeçiliginiň geçiriljekdigi ýaly içinde ornaşdyrylan ygtybarly kepillige eýe bolup durýar. Edil şonuň ýaly hem, işläp düzüjiler özlerine degişli düzgünleriň üýtgemejekdiginden arkaýyn bolup bilerler.

Düzüp bolýan önümler

Ähli programmalar umumy global ýagdaýy paýlaşýan blok zynjyrynda gurulýar, ýagny biri-birini gurup bilýär (Lego kerpiçleri ýaly). Bu bolsa has oňat önümlere hem-de tejribelere, programmalaryň bil baglaýan gurallaryny hiç kimiň aýryp bilmejekdigini kepillendirmäge mümkinçilik berýär.

Näme üçin Ethereum ulanaryn?

Global derejede utgaşdyrmagyň, guramalary döretmegiň, programmalary gurmagyň we gymmatlygy paýlaşmagyň has durnukly, açyk we ygtybarly usullary bilen gyzyklanýan bolsaňyz, Ethereum tüýs siziň üçin. Ethereum hemmämiz tarapyndan ýazylan bir hekaýa, geliň we bilelikde haýsy ajaýyp dünýäleri gurup biljekdigimizi öwreniň.

Ethereum gözegçiliginiň daşyndaky daşarky güýçler sebäpli emläkleriniň howpsuzlygy ýa-da ygtybarlylygy ýa-da hereketliligi bilen baglanyşykly näbellilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlar üçinem bahasyna ýetip bolmajak hyzmat boldy.

Arzan we has çalt serhetaşa tölegler

Steýblkoinler gymmatynyň esasy hökmünde has durnukly aktiwlere daýanýan kriptowalýutalaryiň täze görnüşi bolup durýar. Olaryň köpüsi ABŞ dollaryna berkidilýär, şonuň üçin şol pul birliginiň hümmedini saklaýar. Bular gaty arzan we durnukly global töleg ulgamyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda hereket edýän steýblkoinleriň köpüsi Ethereum torunda gurlupdyr.

<b>Steýblkoinler</b> gymmatynyň esasy hökmünde has durnukly aktiwlere daýanýan kriptowalýutalaryiň täze görnüşi bolup durýar. Olaryň köpüsi ABŞ dollaryna berkidilen, şonuň üçin şol pul birliginiň hümmedini saklaýar. Bular gaty arzan we durnukly global töleg ulgamyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda hereket edýän steýblkoinleriň köpüsi Ethereum torunda guruldy.

Çökgünlik döwründe iň çalt kömek

Ýaşaýan ýeriňizdäki ynamdar guramalaryň üsti bilen birnäçe bank mümkinçiliklerine eýe bolmak bagtyna eýe bolsaňyz, olaryň hödürleýän maliýe erkinligini, howpsuzlygyny we durnuklylygyny bolaýmaly zat hökmünde kabul edip bilersiňiz. Ýöne, dünýädäki syýasy basyş ýa-da ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan köp adam üçin maliýe guramalary zerur gorag ýa-da hyzmatlary üpjün etmän biler.

Uruş, ykdysady betbagtçylyklar ýa-da raýat azatlyklaryna garşy basyşlar Wenesuelanyň(opens in a new tab), Kubanyň(opens in a new tab), Owganystanyň(opens in a new tab), Nigeriýanyň(opens in a new tab), Belarusyň(opens in a new tab) we Ukrainanyň(opens in a new tab) ýaşaýjylaryna zarba uranynda, kriptowalýutalar maliýe guramasyny saklap galmak üçin iň çalt we köplenç ýeke-täk mümkinçiligi düzdi.1(opens in a new tab) Bu mysallardan görnüşi ýaly, Ethereum ýaly kriptowalýutalar adamlar daşky dünýäden üzňe bolanynda olara dünýä ykdysadyýetine erkin girişi üpjün edip bilerler. Mundan başga-da, bahalaryň ummasyz ýokarlanmagy sebäpli ýerli pul birlikleriniň hümmedi peseleninde steýblkoin gymmaty gorap saklamagyň serişdesini hödürleýär.

Döredijilere kuwwat bermek

Diňe 2021-nji ýylda sungat işgärleri, sazandalar, ýazyjylar we beýleki döredijiler Ethereum-dan bilelikde 3,5 milliard dollar töweregi girdeji gazandy. Bu bolsa Ethereum-y Spotify, YouTube we Etsy bilen birlikde döredijiler üçin iň uly global platformalaryň birine öwürýär. Goşmaça maglumat(opens in a new tab).

Oýunçylara kuwwat bermek

Gazanmak üçin oýnaň oýunlary (bu ýerde oýunçylar oýun oýnanlygy üçin sylaglanýar) ýaňy-ýakynda ýüze çykdy we ol oýun pudagyny üýtgedip gurýar. Däp bolşy ýaly, köplenç oýun içindäki aktiwleriň hakyky pul üçin söwdasyny etmek ýa-da olary beýleki oýunçylara geçirmek gadagan edilýär. Bu bolsa oýunçylary köplenç howpsuzlyk töwekgelçiligi bolan gara bazar websaýtlaryny ulanmaga mejbur edýär. Blok zynjyrynda oýun pudagy oýun içindäki ykdysadyýeti goldaýar we şeýle hereketleri ygtybarly ýagdaýda höweslendirýär.

Mundan başga-da, oýunçylar oýun içindäki tokenleri hakyky pula çalyşmaga höweslendirilýär, şeýlelik bilen oýnan wagtlary üçin hakykatdanam sylaglanýar.

2010
Maýadarlar
2014
Maýadarlar
Döredijiler
Kompaniýalar
Indi
Maýadarlar
Döredijiler
Kompaniýalar
Sungat işgärleri
Sazandalar
Ýazyjylar
Oýunçylar
Bosgunlar

Sanlar bilen Ethereum

4k+
Projects built on Ethereum
96M+
Accounts (wallets) with an ETH balance
53.3M+
Smart contracts on Ethereum
$410B
Value secured on Ethereum
$3.5B
Creator earnings on Ethereum in 2021
1,171 mln
Number of transactions today

Ethereum-y kim dolandyrýar?

Ethereum belli bir gurama tarapyndan dolandyrylmaýar. Ethereum protokolyna laýyklykda programma üpjünçiligi işleýän we Ethereum blok zynjyryna goşýan birikdirilen kompýuterler bolsa bolany. Bu kompýuterleriň her birine düwün diýilýär. Düwünler islendik adam tarapyndan işledilip bilner, ýöne toruň howpsuzlygyna gatnaşmak üçin ETH (Ethereum-yň öz tokeni) goýum goýmaly. 32 ETH-a eýe bolan islendik adam muny rugsatsyz edip biler.

Hatda Ethereum çeşme kody hem ýeke bir gurama tarapyndan öndürilmeýär. Her kim protokola üýtgetmeleri girizip, täzelenmeleri ara alyp maslahatlaşyp biler. Dürli programmirleme dillerinde garaşsyz guramalar tarapyndan öndürilen Ethereum protokolynyň birnäçe ýerine ýetirilişi bolup, bular köplenç açyk ýagdaýda ýasalýar we jemgyýetiň goşantlaryny höweslendirýär.

What are smart contracts?

Akylly şertnamalar Ethereum blok zynjyrynda işleýän kompýuter programmalary bolup durýar. Olar ulanyjynyň geleşigi ýüze çykanda ýerine ýetirilýär. Olar Ethereum-yň edip biljek zatlaryna iňňän çeýelik berýärler. Bu programmalar merkezleşdirilmedik programmalar we guramalar üçin gurluşyk blokloary bolup hyzmat edýär.

Hyzmat şertlerini üýtgeden önümi hiç ulanyp gördüňizmi? Ýa-da size peýdaly aýratynlygyny aýran hyzmaty? Ethereum-da akylly şertnama çap edilenden soň ol Ethereum bar boldugyça onlaýn bolar we işlär. Hatda awtory hem ony aýryp bilmeýär. Akylly şertnamalar awtomatlaşdyrylanlygy sebäpli hiç bir ulanyja garşy adam saýlamaýar we olar elmydama ulanyşa taýyn ýagdaýda bolýar.

Akylly şertnamalaryň meşhur mysallary karz bermek programmalary, merkezleşdirilmedik söwda biržalary, ätiýaçlandyryş, kwadrat maliýeleşdirme, sosial ulgamlar, NFT-ler - aklyňyza gelip biläýjek hemme zat.

Akylly şertnamalar hakda has giňişleýinExplore dapps

Ethereum-yň kriptowalýutasy efir bilen tanşyň

Ethereum torundaky köp hereket, Ethereum-yň ornaşdyrylan kompýuterinde (Ethereum wirtual maşyny diýlip atlandyrylýan) käbir işleriň edilmegini talap edýär. Bu hasaplama mugt däl; onuň tölegi Ethereum-yň efir (ETH) diýilýän öz kriptowalýutasy bilen tölenýär. Bu bolsa tory ulanmak üçin azyndan ujypsyz mukdarda efir gerekdigini aňladýar.

Efir bütinleý sanly we ony dünýäniň islendik ýerine, islendik adama derrew iberip bilersiňiz. Efir üpjünçiligi hiç bir hökümet ýa-da kompaniýa tarapyndan dolandyrylmaýar - ol merkezleşdirilmedik we doly aç-açan. Efir protokola berk laýyklykda diňe tory goraýan goýum goýanlara berilýär.

Ethereum-yň energiýa sarp edişi nähili?

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Ethereum The Merge täzelenmesinden geçdi, ol Ethereum-y işiň subutnamasyndan paýnamanyň subutnamasyna geçirýär.

The Merge (Birleşmek), Ethereum-yň iň uly täzelenmesi bolup, Ethereumy ygtybarly etmek üçin zerur bolan energiýa sarp edilişini 99,95% azaldyp, has az uglerod bahasy bilen has ygtybarly ulgam döretdi. Ethereum häzirki wagtda howpsuzlygyny we göwrümini ýokarlandyryp, az uglerodly blok zynjyry bolup durýar.

Kripto jenaýat işleriniň guraly hökmünde ulanylýar diýip eşitdim. Bu hakykatmy?

Islendik tehnologiýa ýaly, ol käwagt nädogry ulanylar. Şeýle-de bolsa, ähli Ethereum geleşikleri açyk bir blok zynjyrynda amala aşyrylýandygy sebäpli, häkimiýetlere adaty maliýe ulgamyna garanyňda bikanun işleri yzarlamak has aňsat bolýar, bu bolsa Ethereum-yň üns çekmek islemeýänler üçin has az özüne çekiji bolmagyna sebäp bolýar.

Ýewropa Bileleşiginiň hukuk goraýjy hyzmatdaşlyk gullugy Ýewropolyň soňky hasabatynyň esasy netijelerine görä kripto hakyky pul birliklerine garanyňda jenaýat maksatly has az ulanylýar:

“Kriptowalýutalaryň bikanun işler üçin ulanylyşy umumy kriptowalýuta ykdysadyýetiniň ujypsyz bir bölegini düzýär, ol adaty maliýe ulgamyndaky bikanun pul serişdelerine garanyňda ep-esli az.”

Ethereum bilen Bitcoin-iň arasynda näme tapawut bar?

2015-nji ýylda işe girizilen Ethereum, käbir uly tapawutlar bilen Bitcoin-iň innowasiýasyna esaslanýar.

Bularyň ikisi-de töleg üpjün edijisiz ýa-da banksyz sanly pul ulanmaga rugsat berýär. Emma, Ethereum programmirlenip bilinýär, şonuň üçin onuň öz torunda merkezleşdirilmedik programmalary gurup we işe goýberip bilersiňiz.

Bitcoin bize gymmatly hasaplaýan zatlarymyz hakda biri-birimize ýönekeý habarlary ibermäge mümkinçilik berýär. Gymmady kesgitlemekde häkimiýete bil baglamazlygyň özi eýýäm uly güýç. Ethereum muny giňeldýär: diňe bir habar däl-de, eýsem islendik umumy programmany ýa-da şertnamany ýazyp bilersiňiz. Döredilip we ylalaşylyp bilinjek şertnamalaryň görnüşleriniň çägi ýok, şonuň üçin Ethereum torunda iri innowasiýa bolup geçýär.

Bitcoin diňe töleg ulgamy bolsa, Ethereum maliýe hyzmatlarynyň, oýunlaryň, sosial torlaryň we beýleki programmalaryň bazaryna meňzeýär.

Further reading

Ethereum habarlarynyň bir hepdeligi(opens in a new tab) - Ekoulgamdaky möhüm wakalary öz içine alýan hepdelik habar býulleteni.

Atomlar, edaralar, blok zynjyrlary(opens in a new tab) - Näme üçin blok zynjyrlary möhüm?

Kernel(opens in a new tab) Ethereum-yň arzuwy

Ethereum-a göz aýlaň

Test your Ethereum knowledge

Loading...

Bu sahypa peýdaly boldumy?