Esasy mazmuna geçmek

Ether (ETH) näme?

Sanly geljegimiz üçin walýuta

ETH sanly, global puldur.

Ethereum programmalarynyň walýutasy.

Häzirki ETH bahasy (USD)

Ýüklenýär...
(Soňky 24 sagat)
ETH alyň
Eteriň (ETH) glifine haýran galýan bir topar adamyň mysaly

ETH kriptowalýuta bolup durýar. Ol internetde ulanyp boljak seýrek sanly pul - Bitcoin-e meňzeş. Kripto işinde täze bolsaňyz, ine ETH-iň adaty pullardan tapawudy.

Bu hakykatdanam siziňki

ETH size öz bankyňyz bolmaga mümkinçilik berýär. Eýeçiligiň subutnamasy hökmünde gapjygyňyz bilen öz serişdeleriňizi dolandyryp bilersiňiz  - üçünji taraplar gerek däl.

Kriptografiýa bilen goralýar

Internet pullary täze bolup biler, ýöne subut edilen kriptografiýa bilen goralýar. Bu gapjygyňyzy, ETH we amallaryňyzy goraýar.

Deň-deňdeş tölegler

ETH-yňyzy bank ýaly araçy hyzmat bolmazdan iberip bilersiňiz. Nagt pullary eliňiz bilen tabşyran ýaly, ýöne ony islendik adam bilen, islendik ýerde, islän wagtyňyz ygtybarly ýagdaýda edip bilýärsiňiz.

Merkezleşdirilen gözegçilik ýok

ETH merkezleşdirilmedik we global bolup durýar. Has köp ETH çap etmäge ýa-da ulanyş şertlerini üýtgetmäge karar berip biljek kompaniýa ýa-da bank ýok.

Hemmelere açyk

ETH-i kabul etmek üçin diňe internet birikmesi we gapjyk gerek. Tölegleri kabul etmek üçin bank hasabyna girmek hökman däl.

Çeýe mukdarda bar

ETH 18 onluk ýere bölünýär, şonuň üçin 1 doly ETH satyn almak zerurlygy ýok. Isleseňiz, bir gezekde 0,00000000000000000001 ETH ýaly bölekleri satyn alyp bilersiňiz.

Ethereum satyn almak isleýärsiňizmi? Ethereum bilen ETH-i garyşdyrmak adaty zat. Ethereum blok zynjyrydyr we ETH Ethereumyň esasy baýlygydyr. ETH, satyn almak isleýän zadyňyz bolsa gerek. Ethereum hakda has giňişleýin.

ETH-de üýtgeşik zat näme?

Ethereumda köp sanly kriptografik walýuta we başga-da köp bellik bar, ýöne diňe ETH-iň edip biljek käbir zatlary bar.

ETH Ethereum-a güýç berýär we ony ygtybarlarly edýär

ETH - Ethereum-a jan berýän gan. ETH ibereniňizde ýa-da Ethereum programmasyny ulananyňyzda, Ethereum toruny ulanmak üçin ETH görnüşinde töleg töleýärsiňiz. Bu töleg, blok öndürijisine etjek bolýan zadyňyzy ýerine ýetirmek we barlamak üçin itergi bolup durýar.

Tassyklaýjylar Ethereum kätiplerine meňzeýär - olar hiç kimiň aldamaýandygyny barlaýarlar we subut edýärler. Olar geleşikleriň bir toparyny teklip etmek üçin tötänleýin saýlanýar. Bu işi ýerine ýetirýän tassyklaýjylar täze çykan ETH-den az mukdarda sylag alýarlar.

Tassyklaýjylaryň ýerine ýetirýän işleri we goýýan maýalary Ethereum-y howpsuzlykda tutýar we merkezi gözegçilikden çykarýar. ETH Ethereum-a güýç berýär.

ETH-iňizi goýum goýanyňyzda Ethereum-y goramaga kömek edýärsiňiz we baýrak gazanýarsyňyz. Bu ulgamda ETH ýitirmek howpy hüjümçileri saklaýar. Steýking hakda has giňişleýin

ETH Ethereum maliýe ulgamynyň esasyny düzýär

Töleglerden kanagatlanman, Ethereum jemgyýeti deň-deňdeş we hemmelere elýeterli bitewi maliýe ulgamyny gurýar.

Ethereum-da düýbünden başga kriptowalýuta tokenlerini ýasamak üçin ETH-i girew hökmünde ulanyp bilersiňiz. Mundan başga-da, ETH we beýleki ETH goldaýan tokenleri karz alyp, karz berip we olardan göterim gazanyp bilersiňiz.

Wrapped ether (WETH) is used to extend the functionality of ETH to work with other tokens and applications. Learn more about WETH.

ETH ulanyp boljak ýerler günsaýyn ösýär

Ethereum programmirlenip bilinýändigi sebäpli işläp düzüjiler ETH-i çäksiz görnüşde şekillendirip bilerler.

2015-nji ýylda diňe bir Ethereum hasabyndan beýlekisine ETH iberip bolýardy. Ine, häzirki wagtda edip boljak zatlaryň diňe käbiri.

Näme üçin ETH-iň gymmaty bar?

ETH dürli adamlar üçin dürli tarapdan gymmatlydyr.

ETH, Ethereum ulanyjylaryna geleşik tölegini tölemäge mümkinçilik berýändigi üçin gymmatlydyr.

Beýlekiler muny sanly gymmatlyk ammary hökmünde görýärler, sebäbi täze ETH-iň döredilmegi wagtyň geçmegi bilen haýallaýar.

Soňky döwürde ETH Ethereum-daky maliýe programmalaryny ulanýanlar üçin gadyrly ýagdaýa geldi. Munuň sebäbi, ETH-ni kripto karzlary üçin girew hökmünde ýa-da töleg ulgamy ulanyp bilmegiňizdir.

Elbetde, köpler muny Bitcoin ýa-da beýleki kriptowalýutalar ýaly maýa goýum hökmünde görýärler.

ETH Ethereum-daky ýeke-täk kripto däl

Islendik adam täze görnüşli aktiw döredip, Ethereum-da olaryň söwdasyny edip biler. Bular “tokenler” diýlip atlandyrylýar. Adamlar adaty pul birliklerini, gozgalmaýan emläklerini, sungatyny we hatda özlerini tokenlediler!

Ethereum-da müňlerçe token bar, olaryň käbiri beýlekilerden has peýdaly we gymmatlydyr. Işläp düzüjiler täze mümkinçilikleri açýan we täze bazarlary açýan täze tokenleri ýasaýarlar.

Tokenler we olaryň ulanylyşy barada has giňişleýin

Meşhur token görnüşleri

Stablecoins

Dollar ýaly adaty pul birliginiň hümmedini görkezýän tokenler. Bu köp kriptowalýutalaryň gymmatynyň çalt üýtgäp durmagy meselesini çözýär.

Dolandyryş tokenleri

Merkezleşdirilmedik guramalarda ses beriş ygtyýarlygyny görkezýän tokenler.

B*k koinler

Täze tokenleri ýasamak aňsat bolany üçin her kim muny edip biler - hatda erbet ýa-da ýalňyş niýetli adamlar hem. Olary ulanmazdan ozal elmydama gözleg geçiriň!

Ýygnap bolýan tokenlar

Ýygnap bolýan oýun elementini, sanly sungat eserini ýa-da beýleki täsin baýlyklary görkezýän tokenlar. Adatça non-fungible tokens (NFT) diýilýär.

Test your Ethereum knowledge

Bu sahypa peýdaly boldumy?